17-nji martda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mahir Safarly bilen duşuşdy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýandygy bellenildi. Taraplar migrasiýa boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini we esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar.
Myhman 2024-nji ýylda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça #IBELONG atly Kampaniýanyň üstünlikli tamamlanandygyny we Türkmenistanyň bu babatda tejribesiniň beýleki döwletlere nusga alarlykdygyny belledi. Şeýle hem ýurduň Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça täze Global Alýansa goşulyp, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam edilýändigi nygtaldy.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.