Turkmenportal logo
Şu gün 09:58
51035103
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny mukaddes Oraza baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny adamzadyň ahlak we ruhy tämizligini dünýä ýaýýan iň gadymy baýramlaryň biri bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Oraza baýramyna bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň Watanyň äleme ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterjekdigine berk ynam bildirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy giňden bellenilýän ýylda-da beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýynda parz hem-de wajyp ýörelgelerden ugur alnyp, agyz beklendi, tarawa namazlary okalyp, il-ýurduň asudalygy, abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin doga-dilegler edildi. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, döwrebap sanly tehnologiýalaryň, ekologik abadançylygyň we milli binagärligiň däpleri sazlaşykly utgaşýan ajaýyp Arkadag şäherinde, bagtyýar durmuş gaýnap joşýan şäherlerimizde hem-de obalarymyzda Oraza baýramy ruhubelentlikde giňden garşy alynýar. Merdana ata-babalarymyzdan gelýän we häzirki eýýamyň ruhy bilen sazlaşýan asylly ýörelgelerimize eýerilip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy üçin doga-dilegler edilýär. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda watansöýüjiligimiziň we ynsanperwerligimiziň, döwletliligimiziň, berkararlygymyzyň binýady bolan milli ýörelgelerimiziň, toýdur baýramlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilip, jemgyýetimiziň has-da jebisleşýändigini hem-de galkynýandygyny tassyklaýar» diýip belledi.

Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýap, berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, bagtyýarlyk, eziz Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde amal eden tagat-ybadatlarynyň, beren agzaçar sadakalarynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Watanyň berkararlygy, agzybirligi hem-de abadançylygy üçin eden doga-dilegleriniň Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny diledi.