Turkmenportal logo
Düýn 23:25
87818781
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň Prezidentine ýörite hat ýollady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýewe ýörite hat ýollady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri gazak Lideri bilen ýurduň üstünden geçip barýarka özünde Gazagystanyň galdyran täsirlerini paýlaşdy. Şeýle hem gazak halky bilen türkmen halkynyň arasyndaky gadymy dostluk, hakyky doganlyk we garyndaşlyk babatdaky duýgularyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Gazagystanyň gazanan ägirt uly üstünliklerine hemişe hoşniýetli goňşuçylyk duýgudaşlygy bilen guwanýarys. Şoňa görä-de, Siziň Gazagystanyň syýasy ulgamyny pugtalandyrmaga, ýurduň halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm startegik reforumlary we özgertmeleri üstünlikli geçirmegiňiz bilen bagly doganlyk goldawyny beýan etmek hiç wagt giç däl diýip hasap edýärin. Şu baharyň Gazagystan üçin täzelenişiň, şatlygyň, agzybirligiň we ylalaşygy gazanmagyň, täze ýeňişleriň bahary boljakdygyna ynanýaryn» diýip hatynda belledi, Gazagystanyň Prezidentine berk jan saglygyny, ýurda ynamly ýolbaşçylyk etmekde üstünlikleri, ähli gazagystanlylara bolsa parahatçylygy, bagtyýarlygy we gülläp ösmegi arzuw etdi.