«NesilCoffee» kompaniýasy 17 – 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen ykdysadyýetiň hususy pudagynda gazanylan üstünlikleriň sergisine, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 18 ýyllygy mynasybetli guramanyň agzalarynyň maslahatyna gatnaşdy. Bu çärelere gatnaşmak kompaniýa öz önümlerini görkezmäge we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik döretdi.

«NesilCoffee» 2024-nji ýylda esaslandyrylan, ýokary hilli kofe we kofe önümleriniň önümçiligine ýöriteleşen döwrebap önümçilik kärhanasydyr. Esaslandyrylmagyndan bäri köp wagt geçmändigine garamazdan, kompaniýa batly depginler bilen ösüp, halkara bazarlaryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.
Kompaniýanyň önümçilik kuwwaty ýylda 4000 tonna ýetýär, ony 10000 tonna çenli artdyrmak mümkinçiligi bar. Zawod döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, önümçilik prosesinde saýlama kofe däneleri, öňdebaryjy bişirme tehnologiýalary ulanylýar we berk hil gözegçiligi amala aşyrylýar.
«NesilCoffee-niň» öndürýän önümleriniň hatarynda däneli we sublimirlenen kofe, 3-i1-de içgileri we karak çaýy bardyr. Önümler halkara standartlaryna laýyk gelýär we eýýäm daşary ýurtlarda elýeterlidir.
Sergä gatnaşmak brendi mahabatlandyrmakda, hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltmekde we kompaniýanyň içerki we halkara bazarlardaky ornuny berkitmekde möhüm ädim boldy.
«NesilCoffee» kompaniýasynyň maglumatlary:
Salgysy: Türkmenistan, Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, Magtymguly obasy, Magtymguly köçesiniň 3-nji km
Ofis: +993 137 3 29 69 / +993 137 3 29 71
Email: info@nesilcoffee.com