Turkmenportal logo
Düýn 22:46
19261926
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy CNPC-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy HHR-e dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

CNPC-niň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň ýolbaşçylyk edýän korporasiýasy üçin uly mertebedigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagy we döwlet Baştutanyny ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Hytaý bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy. 

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Gahryman Arkadag ýurduň CNPC bilen özara tejribe alyşmagy dowam etmegi hem-de hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýändigini tassyklady. Gahryman Arkadag Türkmenistan bilen CNPC-niň hyzmatdaşlygyna şu ýyl 20 ýylyň dolýandygyny aýdyp, bu şanly sene mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadag hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek boýunça gazanylan ylalaşygyň möhüm ähmiýeti bellenildi. 

Daý Houlýan duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardygyny tassyklap, ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna hemişe jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. 

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.