Şu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy uzak aralykdan geçirildi.
Olimpiadany institutyň rektorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji M.Babaýew gutlag sözi bilen açdy.
Bäsleşige ABŞ-dan, Awstraliýadan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Rumyniýadan, Malaýziýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Belaru Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Uganda Respublikasyndan, Pakistan Yslam Respublikasyndan, şeýle hem Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdeplerinden jemi 877 talyp gatnaşdy.
Olimpiada bir tapgyrda geçirilip, gatnaşyjylara ders boýunça 6 sany mesele çözmek teklip edildi we olary ýerine ýetirmek üçin 120 minut wagt berildi. Eminler toparynyň agzalary hökmünde daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary çykyş etdiler.
Guramaçylar şeýle halkara bäsleşikleriň geçirilmegi bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, tejribe alyşmaga, şeýle hem ylmy gözleglere we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmäge ukyply zehinli talyplary ýüze çykarmaga ýardam edýändigini bellediler.