Almaty şäherindäki Al-Faraby adyndaky Gazak döwlet uniwersitetiniň ýanynda Hytaý-Merkezi Aziýa neşirýat merkezi açyldy. Ol Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda hereket edýän ilkinji neşirýat edarasy boldy diýip, «Sinhua» agentligi habar berdi.

Sian uniwersitetiniň «Szýaotun» neşirýaty we Gazak döwlet uniwersiteti tarapyndan bilelikde döredilen neşirýat merkezi okuw kitaplaryny çap etmek, Hytaýyň we sebitiň ýurtlarynyň nusgawy eserlerini bilelikde terjime etmek, sanly neşirýat platformasyny döretmek, awtorlyk hukugy we neşirýat hyzmatlary ulgamlarynda bilelikde işleşmek, ylmy alyşmalary hem-de hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda iş alyp barar.
HHR-iň Almatydaky baş konsuly Su Fansýu dabarada çykyş edip, täze merkeziň Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda medeni-gumanitar gatnaşyklaryň berkidilmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.