Turkmenportal logo
05.03.26
2351723517
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň wekilleri we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan duşuşygyň dowamynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň möhüm halkasy hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we häzirki zaman sanly ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça özara gatnaşyklaryň meselelerine seredildi. BMGÖM tarapyndan hödürlenen Konseptual nota laýyklykda, bar bolan Terminaly dolandyrmak ulgamyny (TOS) kämilleşdirmek we «Deňiz ýeke-täk penjiresi» (MSW) ulgamyny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi diýip, tmrl.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem portuň eýe bolan ISO-14001 we «Ekoport» güwänamalarynyň ähmiýeti bellenilip geçildi hem-de halkara ekologiýa standartlaryny has-da ýokarlandyrmak boýunça täze teklipler öňe sürüldi.

Döwlet gullugynyň wekilleri bu başlangyçlaryň we taslamalaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlenjekdigini habar berdiler.