Turkmenportal logo
Şu gün 12:33
61626162
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäheriniň ösüşleri Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynda görkeziler 

Arkadag şäheriniň ösüşleri Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynda görkeziler. Bu barada düýn türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda maglumat berildi.

TDH-de habar berlişi ýaly, iş maslahatynda D.Orazow Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyň ýakyndan goldaw bermeginde, Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynda Arkadag şäheriniň ýeten derejesiniň, «akylly» şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň ähmiýetiniň degişli derejede beýan edilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadag täze şäheriň gurluşygynda ulanylan täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň halkara giňişliginde möhüm orna mynasyp bolmagyny üpjün etjekdigine ünsi çekdi.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri Arkadag şäheriniň ilatynyň we edara kärhanalarynyň elektrik togy, tebigy gazy we suw serişdelerini rejeli peýdalanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýeti bolan saparyň jemleri boýunça ýokary netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.