Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça ýurduň jemi içerki önüminiň (JIÖ) ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny habar berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ykdysadyýetde gowy görkezijileriň gazanylandygyny we ýurdy ösdürmegiň maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Prezident ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli amala aşyrylýandygyny, önümçilik ulgamlarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini tassyklady.
«Ýurtda iri senagat desgalarynyň, täze obalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki binalaryň gurluşygy dowam edýär» diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutany kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdy we ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Prezident bu işleriň ýerine ýetirilişini yzygiderli we berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikler arzuw etdi.