Turkmenportal logo
Düýn 12:05
1891318913
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyplary «Ekologiýa howpsuzlygy» olimpiadasynda II orna mynasyp boldular

Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyplary S.Hožanyýazowa we R.Miriýewa Russiýa Federasiýasynyň Ufa döwlet nebit tehniki uniwersiteti tarapyndan talyplaryň arasynda guralan «Ekologiýa howpsuzlygy» atly halkara olimpiadasynda ikinji orny eýelediler.

Talyp gyzlaryň bu üstünlige ýetmeginde bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy, ylmy ýolbaşçy H.A.Kazakowa uly ýardam berdi.

Gazanylan bu üstünlik mynasybetli ýokary okuw mekdebiniň agronomçylyk fakultetinde dabaraly çäre geçirildi. Institutyň saýtynda habar berlişi ýaly, ýeňiji bolan talyplara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýokary okuw mekdebindäki ilkinji guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.