Russiýanyň Krasnoýarsk ülkesiniň Ingaşskaýa menziliniň golaýyndaky demir ýol geçelgesinde ýolagçy otlusy bilen ýük ulagy çaknyşdy. Bu barada ülkäniň demir ýol edarasynyň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
«Demir ýol geçelgesinde ýük ulagy golaýlap gelýän «Krasnoýarsk - Karabula» ýolagçy otlusynyň öňünde saklandy» diýlip habarda aýdylýar. Maşinistiň otlyny gyssagly togtatmakçy bolandygyny, emma ýetişmändigi bellenýär.
Ejir çekenler ýok. Otly 3,5 sagat saklandy, beýleki otlularyň hereketinde bökdençlik bolmady.