ABŞ-da pişik 10 ýyldan soňra maşgala dolanyp geldi diýip, «UPI» neşiri ýazýar. Maşgala Dojer lakamly pişigi 2016-njy ýylda edindi. Şol wagt öý haýwanynyň eýeleri Kaliforniýadan Florida göçmegi meýilleşdirýärdiler. Ýolda barýarkalar haýwan awtoulagdan gaçdy, hernäçe gözleseler-de, ol 10 ýyllap ýitirim boldy.
Emma bu geçen döwürde Dojer uzakda hem däl eken, meýletinçileriň biri birnäçe köçe pişigini ýerli gurama üçin tutupdyr. Barlananda, olaryň birinde mikroçip bardygy anyklanypdyr. Ondaky maglumatlar pişigiň Jorjiýadaky eýesini görkezipdir.
«Biz begençden guş bolup uçaýjak bolduk, sebäbi pişik ahyry eýesine gaýdyp bardy» diýip, Dojeri tapan meýletinçi Sidni Şerman gürrüň berdi. Sidni şol wagt Florida gitmegi meýilleşdirip ýören ekeni. Ol pişigi öz eli bilen eýelerine gowşurdy.