Hindistanda fermer Sabyr Aly obasynda bolan toý dabarasyny özüniň 140 sany towugynyň heläk bolmagynda günäledi. Onuň sözlerine görä, towuklar toýuň güýçli aýdym-sazyna çydam edip bilmändirler diýip, «Metro» gazeti ýazýar.
Şol agşam obanyň ýaşaýjysy Babban Wişwakarma gyzyny durmuşa çykarýardy. Takmynan sagat 21:30-da toýçular Alynyň guş fabriginiň deňesinden saz çalyp, tans edip ötüp barýardylar. Fermer aýdym-sazyň we dijeýiň sesiniň şeýlebir güýçli bolandygyny, mundan towuklarynyň zähresi ýarylyp yzly-yzyna ölüp başlandyklaryny aýtdy.
Fermeriň şikaýatyndan soňra hukuk goraýjylar toý dijeýiniň garşysyna derňew işine başladylar. Derňew aýdym-sazyň sesiniň kadadan näderejede ýokary bolandygyny anyklamaly. Sazandanyň özi-de, toý eýesi Babban-da bu waka barada beýanat bermekden saklanýar.