Turkmenportal logo
30.04.26
1493814938
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda gymmatly kagyzlar bazarynyň işleýşiniň esasy ugurlary boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) seminary geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabadyň gazna biržasynyň hünärmenleri üçin seminar geçirildi. Seminar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralyp, ýurduň maliýe bazaryny ösdürmäge gönükdirildi.

Seminaryň dowamynda BMGÖM-niň bilermenleri gatnaşyjylara gymmatly kagyzlar bazarynyň işleýşiniň esasy ugurlaryny, hususan-da, maýa goýujylaryň hem-de gymmatly kagyzlary çykarýan kompaniýalaryň hukuklaryny goramagyň halkara tejribesi; gymmatly kagyzlar bazarynda maýa goýum işiniň halkara tejribesi, şeýle hem onuň ösüşinde halkara ülňüleriniň orny ýaly meseleleri tanyşdyrdylar.

Çäre açyk pikir alyşmalar üçin meýdança boldy, onuň dowamynda Aşgabadyň gazna biržasynyň işiniň dürli ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu başlangyç BMGÖM bilen milli hyzmatdaşlaryň arasynda institusional we kadalaşdyryjy binýady berkitmäge gönükdirilen yzygiderli uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy şöhlelendirýär. Taslamanyň çäklerinde kanunçylygy kämilleşdirmäge, gymmatly kagyzlar bazarynyň ösüş strategiýasyny işläp taýýarlamaga, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täsirli institusional gurluşy döretmäge hem-de depozitariýa ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.