Turkmenportal logo
30.04.26
1399913999
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Moldowada birnäçe duşuşyklary geçirdi 

Moldowa Respublikasynyň Parlamentinde Türkmenistanyň ilçisi Toýly Ataýew bilen Moldova Respublikasynyň Parlamentiniň agzasy, Türkmenistan bilen dostluk toparynyň başlygy Petru Burdujanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar iki ýurduň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşiniň mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşdylar.

Hususan-da, parlament derejesinde özara saparlary guramak, degişli komitetleriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek ýaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen anyk meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilen parlament derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen özara duşuşyklary yzygiderli guramak barada ylalaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.

Şeýle hem Kişinýow şäherinde Türkmenistanyň ilçisi Toýly Ataýew Moldowa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary – Prezidenti Sergeý Harýa hem-de wise-prezidenti Mihail Bylba bilen duşuşyk geçirdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri barada jikme-jik pikir alyşdylar. Haryt dolanyşygyny artdyrmagyň we işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy ýurduň ykdysady kuwwaty we durmuşa geçirilýän taslamalar barada giňişleýin maglumat berdi.

Ilçi moldowaly hyzmatdaşlaryny Türkmenistanda geçirilýän sergi-ýarmarka çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Moldowa tarapy energetika, himiýa senagaty we beýleki ileri tutulýan pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem işewürlik çärelerine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.