Turkmenportal logo
30.04.26
1352113521
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi ÝB – MA sammitiniň çözgütlerini durmuşa geçirmek boýunça guralan maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» sammitinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça geçirilen duşuşyga gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasy habar berýär.

Ýewropa Daşarky aragatnaşyk gullugynyň wekilleri sebitdäki syýasy ýagdaýa baha berdiler we Sammitiň çözgütlerini amala aşyrmagyň indiki ädimlerini, şol sanda öňde duran «ÝB – Merkezi Aziýa» ministrler duşuşygyna görülýän taýýarlyk barada durup geçdiler.

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs soňky döwürde sebit ýurtlaryna amala aşyrylan saparlar barada maglumat berip, syýasy gepleşikleriň işjeňleşendigini we amaly hyzmatdaşlygyň giňelýändigini belledi.

Ýewropa Komissiýasy ulag ulgamyndaky özara baglanyşyk, energetika, klimatyň üýtgemegi, möhüm çig mal serişdeleri hem-de sanlylaşdyrma ýaly ugurlar boýunça ylalaşylan ileri tutulýan ugurlaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişine umumy syn berdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri öz gezeginde milli çemeleşmelerini we häzirki wagtda alnyp barylýan başlangyçlary hödürlediler. Olar esasy ünsüni infrastruktura ösdürmek, sebitara baglanyşygy pugtalandyrmak hem-de ykdysady we maýa goýum başlangyçlaryny ilerletmek ýaly taslamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gönükdirdiler.

Mundan başga-da, öňde duran ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatlarynyň, şol sanda Hyzmatdaşlyk geňeşleriniň we degişli komitetleriň mejlisleriniň utgaşdyrylmagy baradaky meseleler aýratyn maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki depginini saklamagyň möhümdigini we Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara bähbitlerine hem-de durnukly ösüşine gönükdirilen anyk netijeleri gazanmak ugrunda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.