Turkmenportal logo
29.04.26
1317513175
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti dalaşgärleri Açyk gapylar gününe çagyrýar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ähli isleg bildirýänleri 2026-njy ýylyň 9-njy maýynda sagat 14:00-da geçiriljek Açyk gapylar gününe çagyrýar.

Bu çäräniň dowamynda dalaşgärler uniwersitetiň okuw infrastrukturasy bilen — okuw otaglary, lingafon otaglary hem-de häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen kompýuter barlaghanalary bilen tanşyp bilerler.

Mundan başga-da, maksatnamada talyp durmuşyna degişli maglumatlar hem göz öňünde tutulýar: sport, ylym we medeni klublar, dil öwreniş bölümi hem-de umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşlyk geçiriler. Uniwersitetiň wekilleri okadylýan hünärler we dersler barada giňişleýin gürrüň bererler.

Çäre şu salgyda geçiriler: Aşgabat şäheri, 1958-nji (Andalyp) köçesi, jaý 169.

Maglumat üçin telefon belgileri: 39-85-42, 39-85-13, 39-85-40, 39-85-33, 39-85-28, 39-85-29.