Turkmenportal logo
28.04.26
81388138
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Barselonada geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara foruma gatnaşýar
Surat: Surat: Surat: tdh.gov.tm

Türkmen wekiliýeti 27 — 29-njy aprel aralygynda Barselona şäherinde geçirilýän BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan guralan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara foruma gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň döwrebap bazar ykdysadyýetini ösdürmek we hususy pudagyň ornuny güýçlendirmek boýunça edilýän tagallalar barada maglumaty ýetirer.

Çärä gatnaşyjylar ulag we logistika infrastrukturasy, häzirki zaman energiýasy, oba senagat toplumy, sanly ykdysadyýet, şäher infrastrukturasy we syýahatçylyk ýaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlar bilen tanyşdyrylar.

Hususy maýa goýumlaryny çekmek üçin oňyn meýdança hökmünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýeti aýratyn belleniler.

Deňze çykalgasy bolmadyk ýurt hökmünde Türkmenistan deňiz ýoly bolmadyk ýurtlar üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň (2024 — 2034-nji ýyllar üçin) ähmiýeti nygtalýar.

Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy ýurduň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, häzirki zaman döwlet-hususy hyzmatdaşlyk gurallaryny ornaşdyrmaga we durnukly ösüşi höweslendirmäge ygrarlydygyny tassyklaýar diýlip, habarda bellenilýär.