Turkmenportal logo
27.04.26
1237712377
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary şu möwsümde 19,6 müň tonna ýeralma we 22,5 müň tonna sogan hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýärler

Şu ýyl Lebap welaýatynda ýazky ýeralmany ekmek üçin 1 müň 400 gektar ýer bölünip berildi we bu meýdandan 19 müň 600 tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar. Ýazky sogan üçin bolsa sebitde 900 gektar ýer niýetlenip, möwsümiň dowamynda 22 müň 500 tonna sogan hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, daýhanlar her gektardan 140 sentner ýeralma almak ugrunda çalyşýarlar. Häzirki wagtda ekinlere ýokary hilli ideg edilmegi olaryň kadaly ösüşine we hasyllylygyň artmagyna ýardam berýär. Mysal üçin, Çärjew etrabynda ýazky möwsümde 380 gektar ýerde ýeralma ekilip, ol ýerden 5 müň 320 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Dänew etrabynda 300 gektardan 4 müň 200 tonna, Saýat we Kerki etraplarynda bolsa degişlilikde 200 we 150 gektardan 2 müň 800 we 2 müň 100 tonna hasyla garaşylýar.

Şeýle hem sebitiň oba hojalyk işgärleri her gektardan 250 sentnere çenli sogan hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler. Bu ugurda Döwletli we Çärjew etraplarynyň gök önümler bilen meşgullanýan daýhanlary aýratyn tapawutlanýarlar. Olar häzirki möwsümde degişlilikde 260 we 250 gektar ýerde ýazky sogan ekip, 6 müň 500 we 6 müň 250 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler.